Karahandepe we Göbeklidepe - täze açyşlar

SalamNews

20 Noýabr, 2023

Anadolynyñ günorta-gündogarynda ýerleşýän Şanlyurfa Türkiýäniñ uly şäherlerinden biri hasaplanýar. Şanlyurfada ýerleşýän neolit döwrüne degişli bolan (täze daş asyry) Göbeklidepe hem-de Karahandepe gadymy taryhyň, binagärligiň we sungatyň täsin ýadygärligi bolup durýar. Adamzat taryhynda möhüm orna eýe bolan Daş Depeler taslamasynyñ çäklerinde 9 sany arheologiki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniñ netijesinde adam we haýwan heýkellerinden ybarat bolan  täze tapyndylar ýüze çykaryldy.

Karahandepe şäherinde geçirilen soňky gazuw-agtaryş işlerinde bir sekiniñ üstünde şol döwre degişli boýy 2,45 metre barabar bolan iň uly adam heýkeli tapyldy.

Türkiýäniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen 18-nji desgasy bolan Göbeklidepe täze daş asyry baradaky düşünjämizi düýpgöter üýtgetdi. Bu ýerde ılkinji gezek 1995-nji ýylda gazuw-agtaryş işlerine badalga berilýär. Göbeklidepede ybadathana desgalarynyň 20-siniň bolandygy çaklanýar.

Häzirki wagta çenli geçirilen gazuw-agtaryş işleriniñ netijesinde desgalaryñ 6-sy ýüze çykaryldy we olar tapylyş tertibine görä a/b/c/d/e/f/ diýlip belgilendi. Türkiýäniñ Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan alnyp barylýan gazuw-agtaryş işlerinde Göbeklidepäniň D belgili desgasynda hek daşyndan ýasalan ýabany doňuzyñ heýkeli tapyldy. Ýüzünde gyzyl, ak we gara reñkli menekleriñ yzy bolan heýkel agzalyp geçilen döwürden şu güne çenli tapylan ilkinji hakyky ýabany doñuzyñ ölçegindäki reñkli artefaktdyr.

Türkiýe häzirki wagtda arheologiki taslamalar boýunça dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň hatarynda durýar. Şunuñ bilen baglylykda, ýurtdaky arheologiki gazuw-barlag işleriniň sanynyň 2023-nji ýylyň ahyryna çenli 750-ä ýetmegine garaşylýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews