Walentina Matwiýenko Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady

SalamNews

30 Iýun, 2023

Hhaj parzynyň dessurlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygynda saparda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen mähirli gutlap, Prezident Wladimir Putiniň bu şanly sene mynasybetli gutlaglaryny ýetirdi. Walentina Matwiýenko pursatdan peýdalanyp, Halk Maslahatynyň Başlygyny Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi bilen gutlady.

Hanym Walentina Matwiýenko Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür we işde täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan edip, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna türkmen halkynyň Milli Lideriniň goşan ägirt uly goşandyny belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasynda ýakynlaşmagyň, özara düşünişmegiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýän parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň zerurdygy aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam bermek meýli beýan edildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar özara düşünişmegiň döwletara gatnaşyklara mahsus ýokary derejesiniň hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirip, birek-birege we iki döwletiň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews