Türkmen institutynda halkara internet olimpiadasy geçirildi

SalamNews

16 Mart, 2023

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda materiallaryň garşylygy dersi boýunça II Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi.

Ýekeleýin görnüşde geçirilen internet olimpiadasy türkmen, rus we iňlis dillerinde alnyp baryldy. Oňa dünýäniň 19 döwletiniň 128 sany ýokary okuw mekdebinden 442 talyp gatnaşdy. Talyplara ýerine ýetirmek üçin 6 sany mesele tabşyryldy.

Ýeňijiler I, II, III derejeli diplomlar bilen sylaglanar. Berlen ýumuşlary adaty däl ýol bilen çözen talyp aýratyn diplom bilen sylaglanar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews