Geljek ýylyň hasyly üçin 690 müň gektar meýdanda bugdaý ekildi

SalamNews

3 Noýabr, 2023

Türkmenistanda geljek ýylyň hasyly üçin jemi 690 müň gektar meýdanda bugdaý ekişini geçirilip, bu ugurda bellenen meýilnama üstünlikli berjaý edildi. Bu barada wise-premýer T.Atahallyýew düýn geçirilen san­ly ulgam arkaly Türkm­enistanyň Ministrler ­Kabinetiniň nobatdaky­ mejlisinde habar berdi.

Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda  alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, pagta kabul ediş harmanhanalaryna hem-de pagta arassalaýjy kärhanalaryna ibermek, çig mal öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly oragy hem-de Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews