Oraznepes Öwezgeldiýew armydyň gadymy iňlis sortuny ýetişdirýär

SalamNews

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň bagbany Oraznepes Öwezgeldiýew bu ugurda eýýäm ep-esli tejribe toplapdyr. Ol 3 gektar ýerde dürli nahallary ýetişdirýär. Olaryň hatarynda çynaryň, ýasiniň, meliniň we klýonyň jemi 10 müň düýpden gowragy bar — diýip «HHM» ýazýar.

Arça, sosna, tuýa nahallaryny hem ýetişdirýär. 7 gektar ýerde bolsa şetdaly, erik, hurma, badam, garaly ýaly miweli baglaryň hersiniň 5 müň düýpden gowragyny ösdürýär. Ol Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Italiýada, Täjigistanda bagbanlar bilen duşuşyp, şol ýurtlardan hem Türkmenistanyň howa şertlerine gabat gelýän şitillerini getiripdir. Şolaryň biri hem armydyň «Uilmýams» sortudyr. Bagban ony Italiýadan getiripdir.

Armydyň «Uilmýams» sorty gadymy iňlis sort bolup, ony islendik hojalykda ýetişdiribem bolýar. Hususan-da ol uly möçberde önümçilik üçin ekýärler. «Uilmýamsyň» miwesi ortaça göwrümde bolýar. Bir miwesiniň agramy 150 gramdan 170 grama çenli ýetip bilýär. Ýaş agaçlarda bolsa, bu görkeziji 180 gramdan 200 grama çenli ýetýär. «Uilmýams» armydy awgust aýynyň ahyrynda bişýär.

Bagban häzirki wagtda ösümlikleriň seleksiýa işlerini hem geçirýär. Mysal üçin, bagban tut bilen çynaryň seleksiýany amala aşyrypdyr. Netijede, uly hem-de galyň ýaprakly tut agajy emele gelýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews