XII Uniwersiada badalga berildi

SalamNews

15 Oktýabr, 2022

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII Uniwersiadanyň açylyş dabarasy geçirildi. Aýdym-sazly dabara gyzykly görkezme çykyşlary bilen utgaşyp gitdi.

Ýeri gelende bellesek, bu sport baýramçylygynyň ýaryşlary dünýäniň iň abraýly oýunlaryndaky ýaly, açylyş dabarasyndan öň başlandy. Eýýäm Uniwersiadanyň çäklerindäki suwda ýümek hem-de ýeňil atletika ýaryşlarynyň jemlenendigini bellemek gerek. Şolaryň hatarynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII Spartakiadanyň ýaryşlary hem bar.

Öňde bolsa gyzykly bäsleşikleriň ençemesi garaşýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews