Ýurdumyzda bagşylar festiwalyna badalga berildi

SalamNews

5 Maý, 2023

Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şahyryň döredijilik mirasy boýunça «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» atly bagşylar festiwaly öz işine başlady.

Ýakynda «Watan» kinokonsert merkezinde şu mynasybetli ýurdumyzda ençeme ýyllardan bäri hyzmat edip gelýän sungat işgärleri Şemşat Hojaýewa, Pälwan Hamydow, Merdan Baýramow, Garýagdy Saryýew we beýleki bagşylaryň konserti boldy.

Bir aý dowam etjek festiwalyň çäklerinde Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda-da giň gerimli çäreler ýaýbaňlandyrylar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryny Aşgabat şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär. Festiwal iň gowy sazandalary we halk aýdymlaryny ýerine ýetirijileri birleşdirer we onuň jemleri iýun aýynda jemlener.

Ýeňijilere Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan diplomlar we ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews