Türkmenistanda Gündogar lukmançylygy merkezi dörediler

SalamNews

6 Noýabr, 2023

Koreýa Gündogar lukmançylygyny ösdürmek agentligi bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hyzmatdaşlyk etmek boýunça şertnama baglaşandygyny «Trend» agentligi habar berýär. Taraplar şu hyzmatdaşlygyň çäginde gündogar hem-de bejeriş-dikeldiş lukmançylygy ugurlarynda häzirki zaman tehnologiýalaryny we ylmy-amaly maglumatlary alyşmagy meýilleşdirýärler.

Şeýle hem olar Türkmenistanda saglygy goraýşy we derman senagatyny ösdürmegiň çäginde bilelikdäki bilim maksatnamalaryny kämilleşdirmegi we hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýärler.

Bu hyzmatdaşlygy guramak üçin Koreýa Gündogar lukmançylygyny ösdürmek agentliginiň, Koreýanyň Gündogar lukmançylygy institutynyň, Pusan milli uniwersitetiniň Gündogar lukmançylygy ýokary mekdebiniň, Wusuk uniwersitetiniň Gündogar lukmançylygy kollejiniň wekilleri, şeýle hem Koreýanyň birnäçe lukmançylyk edaralarynyň hünärmenleri Türkmenistanda boldular we ýerli kärdeşleri bilen duşuşdylar.

Mundan başga-da, taraplar yzygiderli tejribelikleri guramagy, 2024-nji ýylyň oktýabryna çenli Türkmenistanyň öňdebaryjy saglygy bejeriş edaralarynyň birinde Gündogar lukmançylygy merkezini döretmegi meýilleşdirýärler. Galyberse-de, hyzmatdaşlyk ylmy gözlegleri, dermanlyk ösümlikleri ösdürip ýetişdirmegi we olary gaýtadan işlemek bilen taýýar önümleri öndürmek işini öz içine alýan adaty derman serişdeleriniň önümçiligini senagatlaşdyrmak boýunça taslamalary özünde jemleýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews