Türkmenistanda pasportlary hasaba almak we bermek ulgamy kämilleşdirilýär

SalamNews

21 Oktýabr, 2023

«Migrasiýa hakynda» we «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna hem-de «Türkmenistanda pasport ulgamynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda çykaran 720-nji Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda,

— Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmegiň we bermegiň tertibi, ondan peýdalanmagyň kadalary;

— Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň nusgasy we ýazgysy tassyklanyldy.

Ozal berlen köne nusgadaky Türkmenistanyň raýatynyň pasporty, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ony çalşyrmak üçin esas bolmadyk ýagdaýynda, Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň täze nusgasyna çalşyrylmaga degişli däldir.

Içeri işler ministrligine, Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews