Hytaý Türkmenistanda gazhimiýa desgalaryny gurmagy meýilleşdirýär

SalamNews

Hytaýyň kompaniýalary Türkmenistanyň Balkan sebitinde mineral dökünleri hem-de gara uglerody öndürýän zawodlar toplumyny gurmagy meýilleşdirýärler.

Baş potratçy hökmünde «Chengda Engineering Co., Ltd» kompaniýasynyň boljakdygy habarlarda bellenýär. Zawodyň önümçilik kuwwaty bir günde 1200 tonna ammiaga hem-de 1950 tonna granul karbamida deň bolmagyna garaşylýar. Zawod 450-500 million kub metr tebigy gaz sarp eder.

«FushunZhenxing Chemical Engineering Design Co., Ltd» kompaniýasy nebit önümçiliginde artykmaç gazdan gara uglerody öndürmek taslamasynyň baş potratçysydyr. Bu önümler rezin, teker, boýag, plastmassa, lukmançylyk, aerokosmos, radio elektronika ýaly dürli pudaklarda ulanylýar. Bu zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 1500 tonna barabar bolar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews