«Mukama siňen ömür» atly iki günlük festiwal öz işine başlady

SalamNews

28 Oktýabr, 2023

Düýn meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Mukama siňen ömür» atly iki günlük festiwal öz işine başlady. Festiwalyň deslapky gününde paýtagtymyz Aşgabatda, şeýle hem Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda guralan köpöwüşginli çäreler ýokary ruhubelentlige, ajaýyp duýgulara beslenip, olara medeniýet we sungat işgärleri, türkmen sazynyň muşdaklary, ýaşuly nesliň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar. Bu barada turkmenmetbugat.gov.tm habar berdi.

Festiwalyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirilip, onda ilki çykyşlara orun berildi. Çykyş edenler täze taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary bilen ýurdumyzyň medeniýet-sungat ulgamynda öçmejek yz galdyran halypalara uly hormat-sarpa goýulýandygyna üns çekdiler. Şonuň bilen baglanyşykly, olar türkmen saz sungatynda gymmaty hiç wagt egsilmejek ajaýyp eserlerini halkymyza miras galdyran halypa kompozitor Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygynyň döwlet derejesinde giňden bellenilmeginiň ussadyň döredijiligine we zehinine çuňňur hormatyň nyşany bolup durýandygyny nygtadylar. Şeýle-de çykyşlarda kompozitoryň ömri we döredijiligi baradaky gyzykly gürrüňler, ýatlamalar öz beýanyny tapdy.

Soňra orkestriň ýerine ýetirmeginde zehinli kompozitoryň döreden meşhur sazlary ýaňlandy. Onuň dury çeşme deýin ylhamyndan syzylyp çykan mukamlardan taýýarlanan sazlar çemeni bu ýere gelenlere özboluşly ruhy lezzet paýlady. «Mukama siňen ömür» atly festiwalyň çäklerinde başga-da birnäçe çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirildi. Hususan-da, olardan Ahal welaýatynyň Änew şäherindäki medeniýet öýünde welaýatyň ýörite sungat mekdebiniň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda Nury Halmämmedowyň döredijiligine bagyşlanan konsert has-da täsirli boldy. Hut şeýle döredijilik çäresi Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda welaýatyň ýörite sungat mekdebiniň döredijilik toparlary tarapyndan hem guraldy. Konsertlerde ýaş sazandalar halypa kompozitoryň zehininden dörän saz eserleriniň ençemesini ýerine ýetirdiler. Käbir türkmen kino hem-de animasion filmlerinden meşhur aýdymlar we sazlar tomaşaçylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda «Dutaryň owazy» atly sahna oýnunyň görkezilmegi festiwalyň birinji gününiň jemleýji çäresine öwrüldi. Ussat artistleriň gatnaşmagyndaky sahna eserinde halypa kompozitoryň ömür hem döredijilik ýolunyň käbir wakalary täsirli janlandyryldy.

Meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Mukama siňen ömür» atly festiwal dürli döredijilik çäreleri bilen şu gün hem öz işini dowam eder.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews