Mekdep bazarlary işe başlady

SalamNews

2 Iyul, 2023

1-nji awgutsdan ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda, paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde mekdep harytlarynyň söwdasy — mekdep bazarlary işe başlady.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan guralýan mekdep bazarlaryndan ilkinji gezek mekdep bosagasyndan ätleýän körpejeler, okuwçylardyr talyplar gerekli okuw esbaplaryny satyn alyp bilerler.

Mekdep bazarlarynda ýurdumyzyň telekeçileri we Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan öndürilen harytlaryň agdyklyk edýändigi aýratyn bellenmeli. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, hususyýetçileriň tikinçilik kärhanalarynda tikilen dürli ölçegdäki mekdep lybaslary özüniň köpdürlüligi we göze gelüwliligi bilen tapawutlanýar.

Olaryň arasynda okuwçy gyzlar üçin milli bezegli köýneklerdir penjekler, fartuklar, zähmet sapagynda geýmek üçin lybaslar, şeýle-de oglanlaryň egin-eşikleridir aýakgaplary, tahýalar bar. Dürli görnüşli ýantorbalar hem bazaryň tekjelerine bezeg berýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews