Türkmenistanda Zimbabwe Respublikasynyň ilçisi işe başlady

SalamNews

Şu gün — 7-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Zimbabwe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Braýt Kupembadan ynanç hatyny kabul etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda ilçi Türkmenistanyň durmuş ugurly içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi we mümkinçlikleri barada özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şeýle-de, ilçi Mejlisiň düzümi we alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews