Türkmenistanda Moldowanyň ilçisi işe başlady

SalamNews

7-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Moldowa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Waleriu Kiwerden ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada «TDH» ýazýar.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Moldowa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de döredijiligiň, ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan ähli türkmen halkyna mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Deňhukuklylyk, ynanyşmak, hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giň ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda birnäçe esasy ugurlarda hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşini üpjün edýän özara gyzyklanmalar tassyklanyldy.

Duşuşygyň barşynda ilçi Waleriu Kiwer Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bu syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şeýle hem diplomat türkmen parlamentiniň düzümi we köpugurly işi bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara hyzmatdaşlygy, şol sanda halkara parlament düzümleriniň çäklerindäki gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy.

Duşuşygyň ahyrynda Moldowa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Waleriu Kiwer iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagy üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews