Durnalar ýurdumyza dolandylar

SalamNews

6 Mart, 2023

Ýaz paslynyň ilkinji günlerinde durnalar ýurdumyza dolandylar. Olaryň aglabasy Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň Mäne-Çäçe çäkli goraghanasynda düşledi. Bu barada Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň kiçi ylmy işgäri Aýlar Ataýewa habar berdi.

Onuň bellemegine görä, durna şekilliler toparynyň durnalar maşgalasynyň ýer ýüzünde 15, Türkmenistanda 3 görnüşi bar. Olar çal, ak hem-de owadan durnalardyr. Olar aýaklary we boýny uzyn, gelşikli, syratly guşlardyr.

  • Ýurdumyza çal durnalaryň her ýyl 1000-den gowragy myhman bolýar. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen, awlamak gadagan edilen çal durnalar Mäne-Çäçe çäkli goraghanasynda köp duş gelýär.

  • Ak durna bu üç görnüşiň iň ulusydyr. Ol beýleki durnalardan reňkiniň akdygy, kellesiniň öň tarapyndaky ýalaňaç deriniň gyzyldygy bilen tapawutlanýar. Türkmenistanyň üstünden uçup geçýän döwründe Köpetdagyň eteginde wagtal-wagtal duş gelýär. Sany boýunça az bolan bu guşlar baradaky islendik maglumat ylym we görnüşi goramak üçin wajyp hasaplanýar.

  • Owadan durna bu guşlaryň arasynda iň ownugydyr. Ol guşlaryň arasynda özüniň gözelligi bilen aýratyn tapawutlanýar.

— Uçup geçýän we gyşlaýan owadan durnalaryň sanyny anyklamak üçin Gündogar Köpetdagyň eteklerinde yzygiderli meýdan gözegçilikleri we ylmy-barlag gözleg işleri geçirilýär. Olar barada maglumatlar toplanýar.

Ýazyň ilkinji günlerinde toýnuk gurap, alys ýurtlardan uçup gelýän durna hataryny synlamak ynsana özboluşly duýgy bagyş edýär. Özleri ýaly dünýäsi hem owadan bolan bu guşlary goramak we ylmy esasda öwrenmek biziň Watan öňündäki mukaddes parzymyzdyr — diýip, Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň kiçi ylmy işgäri Aýlar Ataýewa gürrüň berdi.

 

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews