Daşkentde Türki dünýäsiniň kinematografiýaçylar birleşigi döredildi

SalamNews

1 Ýanwar, 2024

Özbegistanyň paýtagtynda Türki dünýäsiniň kinematografiýaçylar birleşigi döredildi. Bu başlangyç «TÜRKSOY» halkara guramasy tarapyndan öňe sürüldi.

Bu birleşik türki dünýäsiniň kinematografiýa sungatyny ösdürmek, bilelikdäki film taslamalaryna başlamak, şeýle hem iň kämil filmleri halkara arenasyna çykarmak we türki dilli ýurtlaryň filmleri üçin bitewi ulgamy döretmek maksady bilen esaslandyryldy.

Geljekde türki halklaryň bilelikdäki film taslamalary üçin birleşik bolup hyzmat etjek Türki dünýäsiniň kino akademiýasyny döretmek hem meýilleşdirilýär.

«TÜRKSOY» tarapyndan öňe sürlen başlangyç gözbaşyny 1992-nji ýylda Bakuwda we Stambulda geçirilen duşuşyklardan alyp gaýdýar. Şonda Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň medeniýet ministrleri bilelikdäki medeni taslamanyň çäginde hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny mälim edipdiler.

1993-nji ýylyň 12-nji iýulynda bolsa Almaty şäherinde Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň medeniýet ministrleri Türki medeniýetini we sungatyny bilelikde ösdürmek guramasyny (Türk Kültür ve Sanatları Ortak Yönetimi) döretmek barada ylalaşyga gol çekipdiler.

1996-njy ýylda «TÜRKSOY» bilen «ÝUNESKO»-nyň arasynda resmi hyzmatdaşlyk başlandy. 2009-njy ýylda bolsa bu gurama häzirki adyny aldy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews