Kianu Riwesiň Taýlandda «ekizi» tapyldy

SalamNews

29 Maý, 2024

Taýlandda meşhur aktýor Kianu Riwesiň «ekizi» tapyldy. Taýlandly ýaşaýjy bilen düşürilen wideoýazgylary millionlarça tomaşaça eýe bolýandygyny we onuň bilen surata düşmek isleýänleriň sanynyň köpelýändigini, «MIR 24» habar berýär.

Bu adam, «Jon Wik» filmindäki Riwesiň baş keşbini janlandyran gahrymanyna bir almany iki bölen ýaly meňzeşdir. Emma, bu adam kino aktýor däl-de, kofe taýýarlaýjy baristadyr we köçede tiz tagamlary taýýarlaýar. Käbir wideolarda bolsa, ol gap-gaçlary ýuwýar.

Habarçylar hakykatdanam bu adamyň kimdigini anyklamaga synanyşdylar. Ahyrynda, onuň aýaly onuň kimdiginiň syryny aýan etdi. Ol adamsynyň Andreas atly ýönekeý nemesdigini aýtdy. Aýaly meşhur aktýora meňzeýändigini köpden bäri bilýändigini we has täsirli bolmagy üçin saçyny we sakgalyny gara reňklemegini haýyş edipdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews