Stambulda «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe» multimodal ulag geçelgesiniň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy

SalamNews

Stambulda «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe» multimodal ulag geçelgesine gatnaşýan ýurtlaryň demir ýol edaralarynyň ilkinji ýygnagy geçirildi. Bu ýerde şu ulag ugrunyň ösüşi bilen baglanyşykly möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny «Özbegistan demir ýollary» maglumat-seljeriş media merkezi habar berýär.

Ara alyp maslahatlaşmagyň esasy temasy demir ýolda bäsdeşlige ukyply nyrhlaryň girizilmegi we ugurlar boýunça gatnawlarynyň sanynyň artdyrylmagy boldy. Taraplar elýeterli we bäsdeşlige ukyply bahalaryň bellenmeginiň harytlaryň hem-de ýükleriň daşalýan mukdaryny ýokarlandyrmaga kömek etjekdigine bil baglaýarlar.

Duşuşykda gatnaşyjy ýurtlaryň demir ýol edaralarynyň arasynda degişli Teswirnama gol çekildi. Bu resminama ulag geçelgesini ösdürmekde möhüm ädim bolar. Çünki bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ähli taraplaryň hyzmatdaşlygy we bilelikdäki tagallalary utgaşdyrylýar.

«Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe» ulag geçelgesini döretmek baradaky Teswirnama Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ulag ministrleriniň 12-nji ýygnagynyň çäginde gol çekilendigini ýatladýarys. Bu geçelge ulag infrastrukturasyny we sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm tapgyra öwrüler.

Bu multimodal ulag ýolunyň ösdürilmegi Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň arasynda ykdysady gatnaşyklary berkitmäge we söwda mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga kömek eder. Şeýle-de sebitdäki ulaglaryň elýeterliligini we netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de ykdysady ösüşi, ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy üpjün etmäge mümkinçilik döreder.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews