Gazagystan täze halkara teleýaýlymy işe girizmekçi bolýar

SalamNews

28 Awgust, 2023

«Silk Way Cinema» täze halkara teleýaýlymy 1-nji sentýabrda ýaýlyma berlip başlanar. Täze kanal Prezidentiň telewideniýe we radio toplumy tarapyndan döredildi — diýip, nv.kz saýty ýazýar.

Teleýaýlym gazak we rus dillerinde ýaýlyma goýberiler. Kanalyň signaly 10-dan gowrak goňşy döwletlerde elýeterli bolmagyna garaşylýar.

Täze kanalyň tertipnamasyna öwrediji, bilim, dokumental temalary bilen bagly gepleşikleri, aýdym-sazlar, teleseriallar giriziler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews