ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi metbugat maslahatyny geçirdi

SalamNews

Şu gün — 30-njy martda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimow metbugat maslahatyny geçirdi.

Metbugat maslahaty ABŞ bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Oňa «SalamNews»-yň habarçylary hem gatnaşdylar. Jenap Mettýu Klimow çykyşynda:

— Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk uzakmöhletleýin we özara peýdaly esasda alnyp barylýar. Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda ýola goýuldy we şol ýylyň 17-nji martynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy hereket edip başlady. ABŞ özüniň daşary syýasatynda Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär — diýip belledi.

Şeýle-de jenap ilçi energetika we daşky gurşaw, medeni miras, bilim we alyş-çalyş maksatnamalary, söwda we işewürlik bilen bagly iki ýurduň arasynda alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň berdi. Ilçi öz çykyşynda 2021-nji ýylda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň iki esse artyp, jemi 100 million amerikan dollaryndan gowrak bolandygyny belläp geçdi.

Jenap Mettýu Klimow geçen 30 ýylda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň hyzmatdaşlykda amala aşyran taslamalary hakynda-da aýtdy. Şeýle-de ilçi ABŞ-nyň Hökümetiniň Türkmenistan bilen bilelikde geljek 30 ýylda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň çäklerinde birnäçe taslamalary amala aşyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews