GDA ýurtlarynyň kitaphanalarynyň maslahaty geçirildi

SalamNews

4 Oktýabr, 2023

3-nji oktýabrda Sankt-Peterburgda Russiýanyň Prezident kitaphanasynyň binasynda GDA ýurtlarynyň kitaphanalarynyň «Arkalaşygyň medeni dürlüligi: kitaphanalaryň başlangyçlary» atly halkara maslahaty geçirildi. «SNG today» habar gullugynyň maglumatyna görä, çäräniň mowzugy kitaphanalaryň we muzeýleriň işi, halkara gatnaşyklara edýän täsirine bagyşlandy.

Halkara çäre Russiýanyň Prezident kitaphanasy, GDA agza ýurtlaryň ynsanperwer hyzmatdaşlygy döwletara gaznasy hem-de Ýewraziýa kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirildi.

Çäräniň esasy maksady, GDA ýurtlarynyň medeni dürlüliginiň gymmatlyklaryny wagyz etmek we olary dünýä ýüzüne ýaýratmak babatdaky dürli kitaphana taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Şeýle hem maslahtyň dowamynda Arkalaşygyň kitaphanalarynyň, arhiwleriniň we muzeýleriniň bir-birine özara täsiri, halkara sergileri guramak we GDA agza ýurtlaryň edebi mirasyna elýeterliligi üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere üns berildi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews