Parižde Abu Reýhan Biruna bagyşlanan sergi guralar

SalamNews

25 Awgust, 2023

2023-nji ýylyň 4 — 8-nji sentýabry aralygynda ÝUNESKO-nyň Pariždäki baş edarasynda «Abu Reýhan Biruni. Geografiki we intellektual syýahatlar» atly sergi guralar.

Serginiň açylyş dabarasynyň çäginde baýramçylyk konserti bolar. Çäräniň dowamynda orta asyrlaryň görnükli alym, akyldarynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan beýleki çäreler hem göz öňüne tutulýar.

Ýeri gelende bellesek, Abu Reýhan Al-Biruni 150-den köpräk ylmy işi miras galdyryn, orta asyrlaryň tanymal alymydyr. Abu Reýhan Muhammet ibn Ahmet Biruny 973-nji ýylda Horezmiň merkezi Kät şäherinde dogulýar. Ol Owganystanyň Gazna şäherinde 1048-nji ýylda aradan çykypdyr. Horezm welaýatynyň medeniýetiniň we ylmynyň merkezi bolan Ürgençde öz bilimini köp taraplaýyn ösdürýär. Biruny 22 ýaşynda ilkinji bolup ýeriň globusyny ýasamagy başarypdyr.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews