Talyplaryň arasynda Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli breýn-ring geçirilýär

SalamNews

23 Maý, 2023

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty Bilim ministrligi bilen bilelikde Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda breýn-ring geçirilýär.

Ýaryş dört tapgyrdan — saýlama, çärýek finaldan, ýarym finaldan we jemleýji oýundan ybarat bolup, ol şu aýyň dowamynda geçirilýär.

Häzirki wagtda ýaryşyň birinji tapgyry geçirildi. Oňa sekiz oýun girizilip, olaryň hersinde, umuman, ýurdumyzyň 16 ýokary okuw mekdebinden iki talyplar topary garşydaş hökmünde çykyş etdi. Oýunlarda garşydaşlar breýn-ringiň birinji tapgyryndan öň geçirilen bije çekişligiň netijesi boýunça kesgitlendi.

Bilim ýaryşynyň mowzugy boýunça berlen ähli soraglar beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň gyzykly ömri we döredijiligine, şeýle hem baý edebi mirasyna bagyşlanýardy.

Şeýlelikde, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň toparlary çärýek finala gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews