Arkadag şäherinde 4-nji iýula çenli halkara derejeli forumlaryň 17-si geçiriler

SalamNews

29 Iýun, 2023

30-njy iýun — 4-nji iýul aralygynda Arkadag şäherinde halkara derejeli forumlaryň 17-si geçiriler. Bu barada 28-nji iýunda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde aýdyldy.

Bellenişi ýaly, häzirki wagtda döwrebap Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Dabaralara dünýäniň dürli ýurtlaryndan resmi, ýokary wezipeli adamlaryň, abraýly halkara guramalaryň, dünýäniň iri kompaniýalarynyň wekilleriniň, umuman, dürli derejedäki wekilleriň 300-den gowragynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde we häkimliginde hem birnäçe çäreler meýilleşdirilýär. Şolaryň barşynda halkara sylaglary gowşurmak dabarasy, Arkadag we Aşgabat şäherleriniň hem-de daşary ýurtlaryň ençeme şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýmaga, hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasy bar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews