Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

SalamNews

10-njy martda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen özara bähbitli, deňhukukly gatnaşyklarynyň ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy boýunça meseleler barada maslahat edildi.

Gepleşikleriň dowamynda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellendi. Bu babatda häzirki wagtda ugurlaryň giň toplumy, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda ýakyn wagtda meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn taslamalaryň gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews