Moskwanyň uniwersitetinde talyplara ýyllyk we diplom işlerini taýýarlanlarynda çat-bot ulanmaga rugsat berildi

SalamNews

Moskwanyň döwlet pedagogika uniwersiteti talyplara diplom we ýyllyk işlerini ýazanlarynda çat-bot (emeli aň) ulanmaga rugsat berdi.

Habarda «MGPU gutarnykly hünär taýýarlyk işlerinde talyplar üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagy kanunlaşdyrdy. Bu karar 2023-nji ýylyň awgust aýynyň ahyrynda uniwersitetiň akademiki geňeşiniň mejlisinde kabul edildi» diýlip bellenilýär.

Talyplaryň ýyllyk işlerini we diplomlaryny ýazmak prosesinde maglumat we tekst almak üçin çat-bot we beýleki emeli aň gurallaryny ulanyp biljekdigi aýdyňlaşdyryldy. Şol bir wagtyň özünde, talyplar ol ýerden alnan maglumatlary özbaşdak seljermeli we gaýtadan işlemeli.

Şeýle hem habarda «Ulanyşy gadagan etmek iň aňsat usul, ýöne täsirli däl. Geljekde uçurymlarymyz bu ulgamy ulanmakdan saklanyp bilmeýän bolsalar, uniwersitetde okaýarka ony nädip dogry ulanmalydygyny öwrenmekleri has gowudyr» diýlip bellenilýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews