Maý aýynda Türkmenistanda Özbegistanyň kino günleri geçiriler

SalamNews

30 Mart, 2023

29-njy martda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçisi Ý.Mämmedow Özbegistan Respublikasynyň Kinematografiýa agentliginiň direktorynyň orunbasary Ş.Rizaýew bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda taraplar kinematografiýa ulgamynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada özara pikir alyşdylar. Onuň dowamynda şu ýylyň maý aýynyň ikinji ýarymynda Türkmenistanda Özbegistanyň kino günlerini geçirmek boýunça mümkinçiliklere seredildi. Özbek tarapy bu çäräniň geçirilmegini doly goldaýandygyny mälim edip, onuň Aşgabat şäherinde we türkmen-özbek serhetýaka welaýatlaryň merkezlerinde özbek kinematograflarynyň, meşhur artistleriň gatnaşmagynda geçirilmegine mümkinçilik döredilse, maksadalaýyk boljakdygyny mälim etdi.

Duşuşygyň dowamynda Özbegistanda Türkmenistanyň kino günlerini geçirmek boýunça birnäçe meselelere hem seredildi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews