19-njy Aziýa oýunlarynyň alawy tutaşdyryldy

SalamNews

15 Iýun, 2023

Şu ýylyň 28-nji sentýabry — 8-nji oktýabry aralygynda Hytaýyň Hançžou şäherinde geçiriljek 19-njy Aziýa oýunlarynyň alawy tutaşdyryldy. Alawy tutaşdyrmak dabarasy Hytaýyň gadymy şäherleriniň biri bolan Hançžou welaýatynyň çäklerinde ýerleşýän Liançžu şäherinde geçirildi. Liançžu şäheriniň 5300 ýyllyk taryhy bolup, ol ÝUNESKO-nyň sanawynda orun alýar.

Pandemiýa sebäpli 2022-nji ýyldan şu ýyla geçirilen oýunlaryň alawy ýaryşyň başlanmagyna 100 günüň galmagy mynasybetli ýakyldy.

19-njy Aziýa oýunlaryna yklymyň ähli ýurtlaryndan müňlerçe türgen gatnaşar. Olar sportuň umumylykda 40 görnüşi boýunça jemi 482 bäsleşik geçirerler.  

19-njy Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdigi hakyndaky jarnama 2015-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Aziýa Olimpiýa komitetiniň Aşgabatda geçirilen 34-nji assambleýasynda kabul edilipdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews