Çempionlar Ligasynda ýarym final duşuşyklary: «Real Madrid» – «Mançester Siti», «Milan» – «Inter»

SalamNews

9 Maý, 2023

Dünýäniň iň eý görülýän klub ýaryşy bolan UEFA Çempionlar Ligasynda ýarym final duşuşyklaryna şu gije badalga berler. Ýarym finalyň ilkinji duşuşygynda kubogyň soňky eýesi «Real Madrid» öz meýdançasynda «Mançester Sitini» kabul eder. Ertirki duşuşykda bolsa, «Milan» derbisi oýnalar we «Milan» «San Siroda» «Inter» bilen duşuşar. Duşuşyklaryň ikisi-de Aşgabat wagty bilen ýarygijede, 00:00-da başlanar.

«Real Madrid» bilen «Mançester Sitiniň» arasyndaky 1-nji duşuşyga portugaliýaly Artur Soareş Diaş eminlik eder. Bu olaryň arasyndaky 9-njy duşuşyk bolar. Mundan öňki 8 oýunda hersi 3 gezek ýeňiş gazanyp, 2 oýun deňlikde tamamlandy. Iki klub geçen ýylam ýarym finalda gabatlaşypdy we «Mançester Siti» öz meýdançasynda 4-3 ýeňse-de, jogap oýnunda goşmaça wagtda 3-1 asgyn gelipdi.

Duşuşykda «Real Madridiň» düzüminde jerimesi bolan Eder Militao hem-de şikesi bolan Mendi oýnap bilmez. «Mançester Sitide» goragçy Akeniň şikesi meýdança çykmagyna garaşylanok.

Çarşenbe güni oýnaljak Milan derbisi «Milan» bilen «Interiň» UEFA-nyň ýaryşlaryndaky 5-nji duşuşygy bolar. Bu oýna ispaniýaly Hil Manzano eminlik eder.

Mundan öňki 4 duşuşykda «Milan» köne bäsdeşine 1 gezek hem ýeňilmändi. 2002/03 möwsüminde ýarym finalda 0-0 we 1-1 hasabynda tamamlanan oýunlardan soň «Milan» finala çykypdy. 2004/05 möwsüminde-de çärýek finalda «Milan» 1-nji oýunda 2-0 ýeňipdi. Jogap duşuşygynda-da 1-0 öňde barýarka, «interli» janköýerleriň eden bitertip hereketlerinden soň, oýun 72-nji minutda ýatyrylypdy we UEFA «Intere» 3-0 tehniki ýeňliş beripdi.

Duşuşykda «Milandan» Rafael Leaonyň ýagdaýy oýnuň öňüsyrasynda belli bolar. «Interde» bolsa Şkriniaryň meýdança çykmaz. Gosens bilen D'Ambrosionyň ýagdaýy-da häzirlikçe belli däl.

Ýarym finalyň jogap oýunlary 16-17-nji maýda, ýeňiş gazananlaryň arasyndaky final duşuşygy bolsa 10-njy iýunda Stambulda oýnalar.  

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews