Gyrgyz Respublikasy raýatlara atasynyň adyna derek enesiniň adyny almaga rugsat berdi

SalamNews

7 Iyul, 2023

Gyrgyz Respublikasynyň Konstitusion kazyýeti käbir ýagdaýlarda raýatyň atasynyň adyny enesiniň ady çalyşmaga rugsat berdi. Şeýlelik bilen, respublikanyň ýokary kazyýeti raýatlaryň biri bilen döwlet edaralarynyň arasyndaky jedeli çözdi diýip, «Lenta» habar berýär.

Konstitusion kazyýet Maşgala kodeksiniň we Gyrgyz Respublikasynyň «Raýatlaryň status hereketleri» baradaky käbir kadalaşdyryjy düzgünleriň Konstitusiýa laýyklygyny barlamak meselesine garady we oňa ters gelmeýändigini ykrar etdi.

Ýüz tutujynyň şikaýatynyň düýp sebäbi hem enäniň çagasyna atasynyň adyna derek öz adyny ulanmak mümkinçiliginiň berilmegini soramagydy diýip, kazyýetiň metbugat gullugyna salgylanýan çeşme habar berýär.

Enesiniň adyny diňe öz hereketleri üçin doly jogapkärçilik çekip bilýän uly ýaşly raýatlar alyp bilerler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews