Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

SalamNews

27 Mart, 2023

29 — 31-nji mart aralygynda Koreýa Respublikasynyň Seul hem-de Uiýjongbu şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu barada Koreýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri saýtymyza habar berdi.

Medeniýet günleriniň çäklerinde birnäçe dabaralardyr medeni çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şol sanda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara maslahat we sergi, türkmen-koreý medeniýet-sungat ussatlarynyň bilelikdäki dostluk konserti guralar. Şeýle-de Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň dürli ýyllarda surata düşüren çeper filmleri görkeziler.

Sergide görkeziljek türkmen milli gymmatlyklary, şaý-sepleri, lybaslarydyr neşir önümleri, beýik şahyrymyzyň kitaplary koreý halkyny türkmen edebiýaty, taryhy hem-de mirasy bilen ýakyndan tanyşdyrar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews