Haýsy ýurtlarda iň gysga we uzak wagt agyz beklenýär?!

SalamNews

3 Aprel, 2023

Ozal habar berşimiz ýaly, mukaddes Remezan aýy 23-nji martda başlady. Ýurtlarynyň ýerleşýän ýerlerine baglylykda, musulmanlar 12 — 18 sagat aralykda agyz bekleýärler.

Çili ýa-da Täze Zelandiýa ýaly dünýäniň iň günorta ýurtlarynda ýaşaýan musulmanlar ortaça 12 sagat agyz bekleýärler, Islandiýa ýa-da Grenlandiýa ýaly demirgazyk ýurtlarda ýaşaýanlar bolsa 17 sagatlyk oraza tutýarlar.

Iň uzak wagt oraza tutulýan şäherleriň sanawy:

  • Nuuk, Grenlandiýa: 17 sagat;

  • Reýkýawik, Islandiýa: 17 sagat;

  • Helsinki, Finlýandiýa: 17 sagat;

  • Stokgolm, Şwesiýa: 17 sagat;

  • Glazgo, Şotlandiýa: 17 sagat.

Iň gysga wagt oraza tutulýan şäherleriň sanawy:

  • Buenos-Aýres, Argentina: 12 sagat;

  • Sýudad-del-Este, Paragwaý: 12 sagat;

  • Keýptaun, Günorta Afrika: 12 sagat;

  • Montewideo, Urugwaý: 12 sagat;

  • Kanberra, Awstraliýa: 12 sagat;

  • Puerto-Mont, Çili: 12 sagat;

  • Kraýstçerç, Täze Zelandiýa: 12 sagat.

Şu günler Türkmenistanda 14 sagatdan gowrak wagt agyz beklenýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews