Italiýada uçýan taksi duralgalary dörediler

SalamNews

15 Awgust, 2023

Ýewropada ilkinji gezek uçýan taksi duralgalarynyň ulgamy dörediler. Bu duralgalar 2024-nji ýylda Italiýanyň Rim şäherinde açylar. Bu barada «euro-pulse.ru» web sahypasy habar berýär.

Umuman aýdylanda, Rim şäheriniň dürli künjeklerine syýahat edip boljak 10 sany uçýan taksi duralgalarynyň ulgamy gurlar. Bu duralgalar şäheriň içki we daşky keşbini üýtgetmezden az meýdany eýelär.

Geljekde duralgalaryň ulgamy Italiýanyň beýleki şäherlerine, esasanam Wenesiýa we Bolonýa çenli giňeler. Mundan başga-da, uçýan taksiler ýolagçylary Fransiýanyň «Riwýera» kenaryna çenli eltip biler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews