Okuwçylaryň arasynda geçirilen bäsleşigiň jemi jemlendi

SalamNews

3 Aprel, 2023

Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 9 — 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda iňlis dili dersi boýunça I olimpiadanyň II tapgyry geçirildi.

Oňa I tapgyrda «Meniň üstünligimiň özeni…» atly temada iňlis dilinde düzme ýazan 2282 okuwçydan tapawutlanan 25 okuwçy gatnaşdy.

Bäsleşigiň II tapgyrynda dil biliminde tapawutlanan okuwçylar iňlis dilinde dogry okaýyşa, diňläp düşünmeklige we grammatika degişli 10 ýumuşdan ybarat bolan barlagnama 90 minudyň dowamynda jogap berdiler.

Okuwçylaryň gazanan netijeleri awtomatik usulda — döwrebap sanly çözgütler esasynda hasaplanyp ýeňijiler dabaraly ýagdaýda yglan edildi.

Şowhunly el çarpyşmalaryň astynda ýeňiji bolan mekdep okuwçylaryna Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň diplomydyr hormat hatlary dabaraly gowşuryldy.

Ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň taýýarlan dürli dillerdäki konserti, ýörite sergisi ýeňiji bolan mekdep okuwçylaryň ýeňişli göwnüni has-da belende göterdi.

Bäsleşigiň ýeňijileri baradaky maglumatlar institutyň resmi internet saýtynda hem yglan edildi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews