Ýaponiýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi

SalamNews

1

Ýaponiýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi.

12-nji iýunda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Medeniýet günleriniň we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen ýyla bagyşlanan medeni çäreleriniň, Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy guraldy.

Açylyş dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti, türkmen amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi we türkmen milli lybaslarynyň görkezilişi geçirildi.

Bu dabara Ýaponiýanyň Parlamentiniň deputatlary, ministrlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we edara-kärhanalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Ýaponiýada ýerleşýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we bu ýurtda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Açylyş dabaranyň resmi böleginde türkmen tarapyndan Ilçi A.Baýramow we Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary G.Myradalyýew çykyş etdiler. Çykyşlaryň dowamynda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan içeri hem daşary syýasaty, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda gazanylan üstünlikler, şeýle hem türkmen-ýapon dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Ýapon tarapyndan Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň ýapon böleginiň Baş sekretary jenap Ş.Matsuşita we Ýaponiýanyň sanly işler boýunça ministri jenap T.Kono çykyş etdiler. Çykyşlarynda Merkezi Aziýada Türkmenistanyň möhüm ornunyň bardygy, ýapon-türkmen gatnaşyklarynyň has-da berkeýändigi we geçirilýän medeniýet günleriniň muňa şaýatlyk edýändigi tassyklandy.

Şeýle hem, ýapon tarapy şu ýylyň maýynda Aşgabat şäherindäki Magtymguly Pyragy seýilgähinde meşhur ýapon ýazyjysy, Nobel baýragynyň eýesi Kawabata Ýasunariniň ýadygärliginiň oturdylandygy üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdi. Aýratyn hem, Ýaponiýanyň hökümetiniň agzalary Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Medeniýet günlerini geçirmek maksadynyň aýratyn ähmiýetine ünsi çekip, munuň 14-nji iýunda bellenilýän Kawabata Ýasunariniň doglan gününe gabat gelýändigini nygtadylar.

Çäraniň dowamynda birnäçe duşuşuklar guraldy. Şolaryň biri-de, Ýaponiýanyň Tsukuba uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen medeniýet we ylym-bilim ugurlary boýunça tegelek stoluň başyndaky maslahatdyr.

Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygyndaky köpugurly türkmen-ýapon gatnaşyklaryny has-da ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýeti belleildi.

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Medeniýet günleriniň we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygar bilen geçýän üstümizdäki ýyla bagyşlanan medeni çäreleriň, Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisiniň ýapylyş dabarasy hem Ýaponiýanyň Tsukuba şäherinde geçirildi.

Bu medeni çäre ýapon halky tarapyndan uly şatlyk – şowhun bilen kabul edildi. Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Medeniýet günleri türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň has-da berkeýändigini tassyklady.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews