Arkadag şäherinde ilkinji gezek täze «123» gullugy işe girizildi

SalamNews

29 Iýun, 2023

«Akylly» şäher tehnologiýasy ulanylyp gurlan döwrebap 5, 7 we 9 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlary «smart-сity» konsepsiýasyna esaslanýan Arkadag şäheriniň aýratynlygydyr. Munuň özi öýi dolandyrmagyň intellektual ulgamydyr.

Ol Internet tory arkaly öýleriň durmuş üpjünçiliginiň we howpsuzlygynyň ähli ugurlarynyň işini awtomatik we sazlaşykly üpjün edýär. Şunuň netijesinde, öýleri we hojalyk işlerini aralykdan, mysal üçin, smartfonyň kömegi bilen dolandyryp bolýar. Täze şäherde optiki-süýümli kommunikasion ulgamyň ornaşdyrylmagy ýokary tizlikli Interneti ulanmaga mümkinçilik berdi. Ýokary hilli öýjükli aragatnaşygy üpjün etmek üçin 4G enjamlarynyň toplumy işe girizildi.

Şeýle hem Arkadag şäheriniň gurluşygy we onuň sanly binýadynyň işlenip taýýarlanmagy ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we professor-mugallymlar düzümi üçin nazaryýet bilimlerini, ukyplaryny, täzeçil tekliplerini we pikirlerini iş ýüzünde ulanmagyň özboluşly mekdebine öwrüldi. Täze şäherde birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesinde «akylly» ulgamyny goldamak işlerini amala aşyrdylar.

Arkadag şäherinde ilkinji gezek täze «123» gullugy işe girizildi. Munuň özi degişli dessin gulluklary, şol sanda gaz we ýangyn howpsuzlygy, tiz kömek gulluklaryny çagyrmagyň bitewi belgisidir. Şeýlelikde, «123» gullugynyň işi adatdan daşary ýagdaýlarda zerur kömegi bermäge we öňüni alyş çärelerine gönükdirilendir.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews