«Türkmentel-2023» atly XVI Halkara sergisi we ylmy maslahaty birinji iş gününi geçirdi

SalamNews

10 Noýabr, 2023

Şu gün — 9-njy noýabrda Aşgabatda telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumatlar tehnologiýalary we tele-radio enjamlary boýunça «Türkmentel-2023» atly XVI Halkara sergisi we ylmy maslahaty birinji iş gününi geçirdi.

«Türkmentel—2023» halkara sergisi we ylmy maslahatyna Türkmenistan, Russiýa, ABŞ, Finlýandiýa, Türkiýe, Latwiýa, Fransiýa, Monako, Niderland Patyşalygy, Germaniýa, Şweýsariýa, Awstriýa, Ýaponiýa, Şwesiýa, Beýik Britaniýa, Taýland Patyşalygy, Hindistan, Päkistan, Belarus, Özbegistan, Gyrgyz, Gazagystan, Owganystan, Azerbaýjan, Hytaý, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly, dünýäniň 30-a golaý ýurdundan 80-ne golaý kompaniýanyň 200-den gowrak wekilleri gatnaşýar.  

Şol sanda «Halkara Elektroaragatnaşyk bileleşigi» (ITU), «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygy» (PCC), «Bü­tin­dün­ýä GSM bi­le­le­şi­gi» (GSMA), «Intersputnik» Halkara kosmos aragatnaşyk guramasy, GDA- nyň ýerine ýetiriji komiteti ýaly abraýly halkara guramalardan hem wekiller gatnaşdylar.

Halkara sergisi we maslahatynyň dowamynda ýurdumyzdan we daşary ýurtlardan gatnaşýan alymlar, bilermenler, işewürler we halkara guramalaryň wekilleri sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, kommunikasiýanyň geljegi, hemra tehnologiýalary ýaly ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem sanly ösüşde döwlet strategiýasy bilen bagly meseleleri gözden geçirdiler.

Halkara sergisi we maslahatynyň çäklerinde «Mobil aragatnaşyk torlarynyň täze nesliniň (IMT-2020/5G) işe girizilmegi» atly okuw sapagy gurnaldy. Okuw sapagyna döwlet edaralaryndan, ylmy-barlag merkezlerinden, pudaklaýyn birleşiklerden we ýokary okuw mekdeplerden, düzgünleşdiriji guramalardan, telekom operatorlary, gyzyklanýan guramalaryň wekilleri hem-de bu ugur bilen gyzyklanýanlar gatnaşdylar.

Okuw sapagynda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda we aragatnaşyk ulgamyny kämilleşdirmekde uly tejribä eýe bolan daşary ýurtly hünärmenler çykyş etdi.

Pudaklaýyn çäräniň wezipeleri: gatnaşyjylary binýadynda 5G ulgamy duran tehnologiýalar we konsepsiýalar, 5G bilen mobil aragatnaşyk tehnologiýalaryň öňki nesilleriniň arasyndaky esasy tapawutlar, 5G torlaryny işe girizmegiň ugurlary we dünýä tejribesi bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.

Soňra ylmy maslahat öz işine başlady. Şeýle hem halkara serginiň dowamynda «Maglumat merkezlerini ösdürmek we döretmek boýunça ýaşlaryň gözlegleri» atly türkmen-koreý onlaýn tegelek stoly geçirildi.

Onuň çäginde, ähli pudaklarda elektron maglumatlary ygtybarly saklamak, ulanmak, goramak, şeýle hem ygtybarly içerki internet ulgamyny işe goýbermek üçin häzirki zaman dünýäsiniň iň gymmatly çeşmelerinden biri bolan maglumat merkezi barada pikir we tejribe alyşyldy.

Çünki, maglumat merkezleri sanly ykdysadyýetiň, bulut hyzmatlarynyň, emeli aň ulgamynyň we beýleki innowasiýa tehnologiýalarynyň esasyny düzýär.

Guramaçylykly we ýokary derejeli geçen halkara forumyň birinji gününiň çäginde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylyk etmeginde degişli wekiliýetiň we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň arasynda 20-ä golaý duşuşyklar geçirildi.

Şeýle hem, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen «ELINC China Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama, Federal döwlet býudjet ýokary bilim edarasy bolan A.N.Tupolew adyndaky Kazan Milli barlag tehniki uniwerisitetiniň arasynda özara gatnaşmak hakynda Ähtnama, Azerbaýjan Respublikasynyň Ýörite aragatnaşyk we maglumat howpsuzlygy boýunça Döwlet Gullugynyň arasynda Maglumat howpsuzlygy çygrynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, şeýle hem «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmen hemrasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen «Thales Alenia Space France SAS» kompaniýasy we «Eutelsat S.A» kompaniýalarynyň arasynda üç taraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.

«Turkmentel-2023» halkara sergisi we ylmy maslahaty sebitdäki maglumat we ylmy-tehnologiki taýdan ähmiýetli, ýokary derejeli çäreleriň biri bolup, bu çäre dünýäniň dürli künjeklerinden hünärmenlere telekommunikasiýa, innowasiýa we ýokary tehnologiýa pudagynda tejribe we täze pikirler alyşmaga mümkinçilik döredýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews