Mary welaýatynda 5 mekdep, 4 çagalar bagy we 3 sany suw arassalaýjy desga gurlar

SalamNews

14 Mart, 2023

Mary welaýatynyň etraplarynda 5 mekdep, 4 çagalar bagy we 3 sany hem suw arassalaýjy desga gurlar. Mary welaýatynyň häkimligi bu desgalaryň gurluşygyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän taraplary çagyrýar.

Has dogrusy, Tagtabazar etrabynyň Saryýazy geňeşliginiň Saryýazy obasynda 160 orunlyk, Mary etrabynda 160 orunlyk, Wekilbazar etrabynyň J.Atajanow adyndaky geňeşligiň Haşyrdyk obasynda 320 orunlyk, Sakarçäge etrabynyň Akýap geňeşliginiň Akýap obasynda 320 orunlyk çagalar baglary gurlar.

Mary şäherinde 500 orunlyk, Baýramaly etrabynyň Ýalkym geňeşliginiň Ýalkym obasynda 500 orunlyk, Ýolöten etrabynda 600 orunlyk, Murgap etrabynda 500 orunlyk, Wekilbazar etrabynda hem 600 orunlyk orta mekdeplerini, Sakarçäge etrabynda saglyk merkezini gurmak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Ýolöten şäherinde kuwwatlylygy gije-gündizde 10 müň kub metr bolan lagym suwuny arassalaýjy desganyň, Türkmengala etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 25 müň kub metr we Sakarçäge etrabynyň Parahat şäherçesinde kuwwatlylygy gije-gündizde 15 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desgalaryň we inženerçilik ulgamynyň gurluşyklary ýerine ýetiriler. Ýolöten etrabynda ýerleşýän saglyk öýüniň durky täzelener.

Degişli desgalaryň gurluşyklaryna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän taraplaryň bäsleşik teklipleri 16-njy martda sagat 18:00-a çenli Mary şäheriniň Çärjew köçesiniň 12-nji jaýynda kabul edilýär. Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

(+993 522) 6-06-21, 6-00-34, 6-77-13 (faks).

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews