Şu ýyl Türkmenistana onlarça milliard manat möçberinde düýpli maýa goýumlaryň goýulmagyna garaşylýar

SalamNews

30 Iýun, 2023

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün — 30-njy iýunda Arkadag şäheriniň «Märkaw» myhmanhanasynda «Akylly» şäher Arkadag» atly halkara maýa goýum forumy geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow halkara maýa goýum forumyna gatnaşyjylaryna Gutlag hatyny iberdi. Gutlag hatynda «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, 2023-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna onlarça milliard manat möçberinde düýpli maýa goýumlaryň goýulmagyna garaşylýandygy bellenýär.

Bu Maksatnama Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmekde, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakda, sanly ykdysadyýete uýgunlaşan bazar ykdysadyýetiniň özgertmelerini amala aşyrmakda, täze iş orunlaryny döretmekde möhüm ähmiýete eýedir.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» maýa goýum işini ösdürmäge, döwlet-hususy pudak hyzmatdaşlygyna, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyna möhüm orun berilýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews