Dubaýda forum geçiriler

SalamNews

26-27-nji aprelde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň energetika toplumyna maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum geçiriler. Foruma gatnaşmak üçin hasaba alyş işi 16-njy aprelde, onlaýn gatnaşmak üçin ýazylyşyk bolsa 20-nji aprelde tamamlanýar.

«Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti we «GaffneyCline» britan kompaniýasy halkara forumyň guramaçylary bolup çykyş edýärler. Maýa goýum forumyna ýurdumyzyň döwlet we hususy düzümlerine degişli edara-kärhanalaryň 20-den gowragynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň 70 töwereginiň, halkara guramalaryň 10-synyň, milli we halkara media serişdeleriniň onlarçasynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Dubaý şäheriniň «Hyatt Regency» myhmanhanasynda geçiriljek forumda Türkmenistanyň energetika toplumyna maýa goýumlary gönükdirmäge bagyşlanan plenar mejlis we 5 sany-da ýöriteleşdirilen mejlis guralar.

Forumyň plenar mejlisinde dünýä energetikasynyň geljeginde Türkmenistanyň orny barada çykyşlar ediler. Onuň birinji mejlisi Türkmenistanyň guryýer çäklerinde energetika toplumyna maýa goýumlary çekmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanar. Forumyň ikinji we üçünji mejlisi «Uglewodorod ýataklaryny işlemegiň ekologik taraplary» hem-de «Energetikanyň täze eýýamy: içerki we sebit ösüşiniň geljegi» diýlip atlandyrylýar.

Türkmenistanyň deňiz çäginde energetika toplumynyň maýa goýum mümkinçilikleri, täze energetika ugurlaryny maliýeleşdirmegi çaltlandyrmak meseleleri ýörite mejlislerde ara alnyp maslahatlaşylar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews