Nowruz ýaýlasyna täze awtobus ugry açylýar

SalamNews

Milli bahar baýramy mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Nowruz ýaýlasynda geçiriljek çärelere Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň gatnaşyp, medeniýetli dynç alyp bilmekleri üçin täze awtobus ugry açylar. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentligi habar berýär.

Ertirden — 18-nji martdan başlap, 72-lik belgili täze ýolagçy awtobusy «Awtokombinat — Türkmeniň ak öýi» aralygyna ilata hyzmat edip başlar.

Milli bahar baýramy mynasybetli Nowruz ýaýlasynda uly baýramçylyk dabaralary geçiriler. Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary baýramçylyk mynasybetli dynç günlerini bu ýerde manyly geçirip bilerler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews