Gökdere jülgesindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dürli sport ýaryşlary guralýar

SalamNews

18 Iyul, 2023

Gökdere jülgesindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde «Çilik-hekgal» boýunça ýaryşlar geçirildi. Bu milli oýun takyk hereketi we erjelligi talap edýär.

Oýnuň düzgünlerine görä, gatnaşyjylar diametri takmynan, 10 metre barabar bolan tegelek çyzýarlar, soň ortasyna daş goýýarlar ýa-da içinde deşik ýasaýarlar. Oýunçylaryň esasy gurallary top we taýaklardyr. Oýunda hüjümçiler we goragçylar bolýar. Birinji toparyň wezipesi topy deşige salmak bolsa,  garşydaş toparyň wezipesi meýdançany goramak.

Şeýle hem çagalar üçin ýangyn howpsuzlygy boýunça dürli sport ýaryşlary guraldy. Gatnaşanlar dürli päsgelçiliklerden geçip, öz ussatlyklaryny görkezdiler.

— Toparymyz tutuş bir hepde bäri ýaryşa taýýarlanýar. Mugallymymyz ýangyn egin-eşigini nädip dogry geýmelidigini we çykarmalydygyny öwretdi. Ýangyn söndüriji enjamyny nädip dogry saklamalydygyny, oda nähili ýakynlaşmalydygyny we ony nädip söndürmelidigini öwretdi. Meniň üçin bu ýerde geçen günlerim ýatdan çykmajak waka boldy — diýip, orta mekdebiň okuwçysy Döwletgeldi Muhammedalyýew gürrüň berýär.

Bu ýerde surat, aýdym-saz we edebiýat boýunça ýaryşlaryň hem geçirilýändigini bellemelidiris. Ýaryşlarda ýeňijilere gymmat bahaly baýraklar we ýadygärlik sowgatlary gowşurylýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews