Aşgabatda Geýdar Aliýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli kabul edilişik geçirildi

SalamNews

Şu gün — 10-njy maýda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda dostlukly döwletiň üçünji Prezidenti Geýdar Aliýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli kabul edilişik geçirildi.

Oňa ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, inflýuenserler gatnaşdylar.

Kabul edilişikde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gasan Soltan ogly Zeýnalow çykyş edip, bu ýere gelenlere Geýdar Aliýewiň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli bitiren işleri barada gürrüň berdi.

Kabul edilişigiň dowamynda Geýdar Aliýewiň hormatyna surata düşürilen gysga göwrümli dokumental film görkezildi. Merhumyň hormatyna döredilen bu ajaýyp film hemmelerde uly täsir galdyrdy.

Maglumat üçin belläp geçsek, Geýdar Aliýew 1993 — 2003-nji ýylda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti wezipesinde işledi. Ol 1923-nji ýylyň 10-njy maýynda doglup, 2003-nji ýylyň 12-nji dekabrynda aradan çykdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews