Daşoguz sebitinde hem gowaça ekişine girişildi

SalamNews

Şu gün — 29-njy martda Daşoguz welaýatynda gowaça ekişine guramaçylykly girişildi. Möhüm möwsüm mynasybetli welaýat häkimliginde oba hojalyk düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, daýhan birleşikleriniň başlyklarynyň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi diýip, «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Şu ýyl ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde 140 müň gektar meýdanda gowaça ekmek we ondan 275 müň tonna pagta hasylyny almak göz öňünde tutulýar. Şu ekiş möwsüminde welaýat boýunça pagta ekijileriň 454-si, dürli kysymly traktorlaryň 2200-den gowragy we 19 müňden gowrak oba hojalyk iş gurallary bökdençsiz işlediler.

Il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda welaýatyň Şabat etrabynyň Biruni adyndaky daýhan birleşiginde ýagşy dilegler bilen tohum sepilip, gowaça ekişine ak pata berildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda gowaça ekişine 24-nji martda badalga berildi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews