Daşoguz welaýatyna kuwwatly sürüm traktorlarynyň 70-e golaýy gelip gowuşdy

SalamNews

29 Awgust, 2023

Ekişe taýýarlyk işleriniň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde Daşoguz welaýatyna kuwwatly sürüm traktorlarynyň 70-e golaýy gelip gowuşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti ýazýar.

Şu ýyl demirgazyk welaýatyň gallaçy daýhanlary 145 müň gektar meýdanda ekiş geçirip, 265 müň tonna hasyl almagy maksat edinýärler. Möwsümde ýeňil traktorlaryň 2300-si, ekijileriň 520-den, sürüm traktorlarynyň 650-den gowragy bökdençsiz işlediler. Täze hasylyň düýbüni tutmakda ulanyljak mala-boronalar daýhan birleşikleriniň ussahanalarynda taýýarlanyldy.

Welaýat boýunça sürüm işleri doly tamamlandy. Onda tehnikalaryň 260-a golaýy bökdençsiz işledildi. Ýerleri tekizlemek işleri-de utgaşykly alnyp baryldy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews