Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna ýubileý medaly dörediler

SalamNews

6-njy aprelde geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynda eden çykyşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek teklibini orta atdy.

«Ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek, Magtymguly Pyragynyň baý we gymmatly edebi mirasyny şöhratlandyrmak, bu şanly senäni dabaralandyrmak maksady bilen, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny işläp taýýarlamak we kabul etmek beýik akyldaryň mertebesini beýgeltmekde uly iş bolar diýip hasap edýärin» diýip, döwlet Baştutany çykyşynda belledi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews