Brýusselde ahyrky gazet satyş nokady ýapylýar

SalamNews

12 Dekabr, 2023

Bir wagtlar Belgiýanyň paýtagtynda hereket eden 52 gazet satyş nokadynyň — kiosklaryň soňkusy hem 31-nji dekabrda hemişelik ýapylar.

Munuň soňky ýyllarda adamlaryň gazet-žurnallary seýrek satyn alýandyklary we täzelikleridir gyzykly maglumatlary internet ulgamynyň üsti bilen  gözläp başlandyklary bilen baglydygyny bellemek gerek. Ine, şunuň hasabyna bolsa gazet-žurnallary satýan kiosklaryň girdejileri düýpli azaldy we olary saklamagyň peýdasyzdygy hakyndaky netije kabul edildi. Şonuň üçin hem, soňky on ýylyň dowamynda kiosk eýeleri bu söwda nokatlaryny birin-birin ýapdylar.

Tuazon d’Orda şaýolunda ýerleşýän ahyrky gazet satyş nokadynyň eýesi 38 ýylyň dowamynda şäheriň halkyna hem myhmanlaryna hyzmat etdi. Ol 1-nji ýanwardan pensiýa gidýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews