Britaniýada Zebbi atly pişik «ýylyň pişigi» diýlip yglan edildi

SalamNews

25 Iyul, 2023

Derbişiriň Çesterfild şäherinden bolan iki ýaşly ala reňkli Zebbi pişikleri goramak boýunça «Cats Protection» guramasy tarapyndan «ýylyň pişigi» diýlip yglan edildi.

Bu pişik öýüň içindäki we töweregindäki jaňlary, sesleri duýduryş bermek üçin 66 ýaşly eşitmeýän eýesi Genevieve Mossyň penjesine degip kömek edýär. Zebbi gelen hatlary alyp, dişleri bilen getirip berýär. Şeýle hem ol eýesiniň aýakgaplaryny eltip berýär diýip, BBC habar berýär.

Eşidiş enjamy bolmazdan ses alyp bilmeýän pensioner, Zebbi bolmasa durmuşy göz öňüne getirip bilmejekdigini we baýrakdan gaty hoşaldygyny aýtdy.

Zebbi beýleki müňlerçe bäsleşige gatnaşanlardan öňe saýlanmagy başardy we ýeňijiniň kubogyny hem-de 200 funt sterling (257 dollar) möçberinde haýwan dükanynyň sowgat şahadatnamasyny aldy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews