«Barselona» 2 futbolçy alyp, 4 futbolçysyny ugratdy

SalamNews

1 Sentýabr, 2023

Ispaniýanyň «Barselona» topary üçinem transferiň iň soňky 2 güni hereketli ýagdaýda geçdi. Katalonlar düzümine 2 oýunçy goşup, 4 oýunçyny-da başga klublara ugratdy.

Hawiniň tälim berýän topary portugaliýaly 2 atdaş futbolçyny gapdal goragçy Žoao Kanselony hem-de hüjümçi Žoao Feliksi transfer etdi. 2 oýunçy bilenem 1 ýyllyk kärendesine şertnama baglaşyldy. 29 ýaşyndaky Kanselo geçen möwsüminiň 2-nji ýarymyny «Bawariýada» geçiripdi. «Mançester Sitiniň» oýunçysy bolan Kanselo «Benfika», «Walensiýa», «Inter», «Ýuwentus» ýaly toparlarda hem oýnapdy.

Edil Kanselo ýaly geçen möwsüminiň 2-nji ýarysyny «Çelside» kärendesine geçiren Žoao Feliks «Atletiko Madridiň» oýunçysy bolup, ol 2019-njy ýylda 126 million ýewro baha madridlilere geçipdi. Ol «Barselonada» 14-nji belgide oýnar.

Şeýle-de, «Barselona» 20 ýaşyndaky ýyldyz oýunçysy Ansu Fatini «Premier Liganyň» wekili «Braýton» 1 ýyllyk kärendesine ugratdy. Iňlis kluby oýunçynyň aýlygynyň 80 göterimini tölär.

«Barselona» topary geçen möwsümde «Osasunada» kärendesine oýnan marokkoly hüjümçisi Abde Ezzalzulini «Betis» toparyna transfere goýberdi. «Betis» topary 21 ýaşly oýunçyny 7,5 million ýewro transfer edip, onuň bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Şeýle-de, «Barselona» ispaniýaly goragçysy Erika Garsiýany möwsümiň ahyryna çenli «Žirona» toparyna, fransiýaly goragçysy Klemen Lengleni «Aston Willa» kärendesinde ugratdy. Lengel geçen möwsüm «Tottenhamda» oýnapdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews