Bangkokda UNESCAP-yň 79-njy mejlisi öz işine başlady

SalamNews

15-nji maýda Bangkok şäherinde BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň (UNESCAP) 79-njy mejlisi öz işine başlady. Bu barada TDIM-niň resmi web saýty ýazýar.

«Durnukly ösüş üçin Aziýa we Ýuwaş ummany sebitinde howanyň üýtgemegi boýunça hereketleri çaltlandyrmak» mowzugy bilen geçirilýän bu mejlis howanyň üýtgemegi babatynda sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin mümkinçilikleri döreder.

Sebitde we onuň çäklerinden daşarda howanyň üýtgemegi boýunça hereketleri çaltlandyrmak üçin zerur bolan sebitleýin hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, bu mejlisiň işine Aziýa we Ýuwaş umman sebitiniň hökümet ýolbaşçylary we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar gatnaşýar.

Şeýle hem mejlise Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.

BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň mejlisi 2023-nji ýylyň 19-njy maýyna çenli dowam eder.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews